Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi

27.08.2022, 16:116,973

Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi hem-de toparyň düzümi we Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri meýilnamada bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini  üpjün etmäge borçly edildi. Bu barada 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.