Milli elektron kommunikasiýa ulgamlary bilen bagly täze Düzgünnamalar tassyklanyldy

27.08.2022, 16:104,828

Türkmenistanda Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnama we Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Bu barada 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminamanyň maksady ýurdumyzda döwrebap, halkara standartlara laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň mundan beýläk-de sanyny köpeltmekden, ulanylyşyny giňeltmekden we Türkmenistanda işlenip taýýarlanandygyny tassyklamakdan, şeýle hem milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň, olary işläp taýýarlaýjylaryň we olara eýelik etmek hukugy bolanlaryň Döwlet sanawlaryny ýöretmekden ybaratdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.