Özbegistanyň ozalky daşary işler ministrine Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni gowşuryldy

27.08.2022, 14:057,854

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Kamilow Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglanyldy.

Ençeme ýyllap Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hökmünde türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşan hormatly myhmana bu sylag Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde 26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gowşuryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ol bu ýokary sylaga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.