Raşid Meredow Özbegistanyň “Dustlik” ordeni bilen sylaglanyldy

27.08.2022, 14:037,173

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Dustlik” (“Dostluk”) ordeni bilen sylaglanyldy. Oňa dostlukly ýurduň bu ýokary sylagyny Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow gowşurdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Permany bilen, Raşid Meredowa bu ýokary döwlet sylagy Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy, söwda, senagat, oba hojalygy, energetika, suw hojalygy, ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki maksatnamalary hem-de goşulyşmak taslamalaryny ilerletmekde we medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmekde işjeň orny eýeleýändigi üçin berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.