“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” rejelenen Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy

27.08.2022, 14:028,827

Türkmenistanda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy kabul edildi. Bu ugurda geçirilen işler barada 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa habar berdi.

Hususan-da, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini, şeýle hem bu mesele bilen baglanyşykly “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.