Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy bellenildi

02.09.2022, 07:2823,899

Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýew Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. 

Bu barada Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/1-nji kararyny tassyklap, Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
Şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/2-nji karary tassyklanylyp, Ýazpolat Nurpoladowiç Keriýew Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.