Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer — Türkmenistanyň DIM-i

03.09.2022, 23:3032,084

Türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi. Bu barada degişli habary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi saýtynda ýaýratdy.

 

Hususan-da, habarda şeýle bellenilýär: «Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.