Serdar Berdimuhamedow eksport ugurly önümleri artdyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi

10.09.2022, 09:368,317

9-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň artdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyna wise-premýer B.Atdaýewiň ünsüni çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany:

  • Birža söwdalaryny geçirmek netijesinde pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek;
  • Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, hasaba alynýan şertnamalary seljermek hem-de olaryň taslamalaryny tassyklamak üçin elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak;
  • haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak, buýurmalary resminamalaşdyrmak, bu önümleriň taýýarlanylyşyny hem-de ýerlenilişini sanlylaşdyrmak işlerini dowam etdirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.