UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy

11.09.2022, 16:0123,871

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) Las-Wegasda geçen 279 belgili turnirinde MMA-nyň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew amerikaly Kewin Hollanddan üstün çykdy.

Duşuşyk bir raund hem dowam etmän, başlanyndan bary-ýogy 2 minut 13 sekunt geçenden soň, Çimaýewiň D'Arsyň demikdiriji emelini ulanmagy bilen tamamlandy.
Ilkibaşda, Çimaýew amerikaly Neýt Dias bilen duşuşmalydy. Emma Hamzat 9-njy sentýabrda geçirilen agram çekilişikde bellenilen çäge girip bilmedi (onuň agramy 81 kg, bellenilen çäk - 77,56 kg). 
Hamzat Çimaýew ýeňilmezek adyny saklap galdy. Onuň hasabynda 12 duşuşykda 12 ýeňiş bar. Hollandyň hasabynda 23 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar, bir söweş bolsa geçirilmedik diýlip yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.