Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy

16.09.2022, 20:2715,358

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Umar Nurmagomedow Absolýut söweş çempionaty (UFC) bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada türgen sosial ulgamlarda habar berdi diýip, sport-interfax.ru belleýär.

Şertnama UFC-niň howandarlygynda russiýaly türgeniň birnäçe söweşini göz öňünde tutýar. Olaryň biri-de noýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär.

“Meniň 5-nji noýabrda kimdir birini ýeňlişe sezewar etmäge sabrym ýetenok” – diýip, 26 ýaşly söweşiji ýazýar.

Umar Nurmagomedow – UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglany. Garyşyk başa-baş söweşde Umaryň hasabynda 15 söweş bolup, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. Olaryň arasynda UFC-niň turnirlerinde geçirilen söweşler hem bar. Onuň soňky söweşi 2022-nji ýylyň 26-njy iýunynda boldy, şonda ol Las-Wegasda amerikaly Neýt Manessden üstün çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.