Amerikaly Rosas Junior UFC-niň taryhynda iň ýaş pälwan boldy

22.09.2022, 11:5423,960

Amerikaly Raul Rosas Junior 21-nji sentýabrda UFC bilen şertnama baglanyşdy we guramanyň taryhynda onuň iň ýaş wekili boldy. Bu barada UFC-iň metbugat gullugy habar berýär. 

Düýn 17 ýaşly Rosas Junior Dana White s Contender Series turniriniň çäklerinde amerikaly Mando Gutýerrezi utdy. Tutluşykdan soň UFC-iň prezidenti Dana Uaýt  gurama bilen şertnamany pälwanyň ygtyýaryna berdi.
Öň UFC-iň taryhynda amerikaly Çeýz Huper iň ýaş pälwan bolupdy, ol 2019-njy ýylda, 19 ýaşyndaka gurama bilen şertnama gol çekişipdi.
Rosas Junior garyşyk başa-baş göreşde alty ýaryşa gatnaşdy we alty gezegem ýeňiş gazandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.