Türkmenistan bilen Argentinanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

24.09.2022, 14:103,834

Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese hem-de ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ikitaraplaýyn ynanyşmaga daýanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alberto Fernandese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.