Baş prokuror S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi

29.09.2022, 01:2131,290

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe  ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Belläp geçsek, 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.