Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

29.09.2022, 01:2836,840

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Belläp geçsek, 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.