Serdar Berdimuhamedow Gazagystanda döwlet saparynda bolar

29.09.2022, 10:2011,224

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Gazagystan Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Hususan-da, gazak Lideri hatynda: “Bilelikdäki tagallalar arkaly häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.