ÝHHG-niň Baş sekretary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga gyzyklanma bildirdi

30.09.2022, 07:328,090

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmagy maksat edinýär. Bu barada ol türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belledi.

Hususan-da, hanym Helga Şmid hatynda: “ÝHHG sebitinde we onuň çäkleriniň daşynda wehimleriň  yzygiderli dowam edýän döwründe ysnyşykly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikler ýüze çykýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Merkezi Aziýada hem-de ÝHHG sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli  hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyr. Geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň bilen Wenada ýa-da Aşgabatda duşuşmagy özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn” diýip belledi we Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.