Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady

01.10.2022, 00:314,753

30-njy sentýabrda Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Aşgabada bolan saparynyň we 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.