Türkmenistanyň wekili Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň Monrealdaky mejlisine gatnaşdy

06.10.2022, 00:095,441

27-nji sentýabrdan 7-nji oktýabr aralygynda Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilýän ICAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri XXI asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek ICAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Hökümeti 2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň çäginde ICAO bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Şunlukda, biziň ýurdumyz milli we halkara awiasiýa üçin mümkin bolan iň ýokary standartlary üpjün etmegi, howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrmagy ileri tutýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.