Eýran Türkmenistanyň ýardamy bilen Merkezi Aziýa bilen haryt dolanyşygyny 40% artdyrdy

12.10.2022, 17:3310,958

Eýran Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän Horasan-Rezawi welaýatynyň üstünden Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanyşygyny artdyrdy diýip, IRNA habar berýär.

Şonuň bilen birlikde, Eýranyň we Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlaryndaky haryt dolanyşygy 233 mln dollar boldy, şol bir wagtda tutuş 2021-nji ýylyň dowamynda bu görkeziji 227 mln dollar bolupdy. Bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň göwrüminiň ep-esli artandygyna şaýatlyk edýär diýip, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Apbab Hales mälim etdi.
Diplomatik missiýanyň baştutany 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň, işeňňir ykdysady diplomatiýa daýanyp,  iki esse artjakdygyna umyt bildirdi.
Horasan-Rezawi welaýatynyň üstaşyr-ulag kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynda Türkmenistan bilen Eýranyň işiniň utgaşdyrylmagy netijesinde, şeýle-de Türkmenistan tarapyndan üstaşyr ýeňillikleriniň güýje girizilmegi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň bazarlarynda özüniň ornuny giňeltjekdigine umyt baglaýarlar.   

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.