BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 14 sany täze agzasy saýlanyldy

12.10.2022, 17:585,580

BMG-niň Baş Assambleýasy sişenbe güni BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 2023-2025 ýyllar üçin täze agza hökmünde 14 ýurdy saýlady. Gizlin ses berlişik görnüşinde geçen saýlawlaryň netijesini Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Kýorýoşi yglan etdi. 

«Aşakda ady agzalan 14 döwlet 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap üç ýyllyk möhlet bilen Adam hukuklary boýunça geňeşiň agzalygyna saýlandy: Alžir, Bangladeş, Belgiýa, Wýetnam, Germaniýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Kosta-Rika, Maldiw adalary, Marokko, Rumyniýa, Sudan, Çili, GAR» — diýip, ol sanady.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine 47 döwlet girýär. Her ýyl olaryň üçden biri saýlawlaryň netijesinde çalyşýar. Ygtyýarlyk möhleti üç ýyl. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.