Türkmenistanyň Prezidentine CICA-nyň I derejeli ýubileý medaly gowşuryldy

16.10.2022, 23:597,612

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň 30 ýyllygy» diýen I derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Degişli karar Astanada geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň (CICA) VI sammitiniň barşynda kabul edildi.
Bellenilişi ýaly, bu medal türkmen Liderine bu maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.