Türkmen-özbek serhetara söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

17.10.2022, 02:0414,774

Ýekşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Batyr Atdaýew serhetara türkmen-özbek söwda zolagyny döretmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna bu söwda zolagynyň ýerleşjek ýeri we çägi barada teklipleri berdi. Bu ýerde lomaý we bölekleýin söwda üçin ähli şertler dörediler.
Belläp geçsek, soňky 5 ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy 5 esse artdy, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça bu görkeziji 902 mln dollardan geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.