Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

17.10.2022, 11:592,567

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de giňeldilýär” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege goldaw berýändiklerini nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutany gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.