Türkmenistanda ýangyç mazudy polat çeleklerde saklanar

17.10.2022, 12:0111,880

Hökümetiň 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň degişli kärhanasynyň üsti açyk ýer ammarlarynda saklanýan ýangyç mazudynyň hapalanmagynyň, şeýle-de daşky gurşawa zyýan ýetirmeginiň we ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyç mazudyny polat çeleklerde saklamagyň maksadalaýyk görülýändigini habar berdi.

Wise-premýer şu maksat bilen, dik polat çeleklerini satyn almak barada halkara bäsleşigiň geçirilendigini habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.