Pragada 50 ýyldan soň trolleýbuslar ýene-de hereket edip başlady

18.10.2022, 12:4510,588

Şenbe güni Pragada 50 ýyllyk arakesmeden soň trolleýbuslaryň hereketi gaýtadan dikeldildi. Bu barada Ceske noviny saýtynda habar berilýär diýip, MIR24 belleýär.

Çehiýanyň paýtagtynyň köçelerinde trolleýbuslar synag režiminde hereket eder. Ýöne eýýäm 2023-nji ýylda ulagyň bu görnüşiniň yzygiderli ulanylyşy ýola goýlar.
Pragada ilkinji gezek 1936-njy ýylyň awgust aýynda peýda bolan trolleýbuslaryň hereketi 1972-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda bes edildi. Şäherliler hereket etmek üçin metrodan, tramwaýdan we awtobuslardan işjeň peýdalanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.