Çeh we amerikan türgen gyzlary agaç kesijileriň çempionatynda üç dünýä rekordyny goýdy

Şu gün, 07:10856
1 / 6

Amerikanyň Wiskonsin ştatynda geçirilen halkara agaç kesijiler çempionatynda (Lumberjack World Championships) Çehiýadan we ABŞ-dan bolan türgen gyzlar üç sany dünýä rekordyny goýdy. Bu barada AP we «Bi-bi-si» habar berýär.

Çehiýadan 24 ýaşly Karolina Urbanowa iki dürli kategoriýada rekordy täzeledi: ol «Women’s Underhand Chop» (pürs kese) ugry boýunça ak sosna agajyny (süňňüniň diametri — 27,9 sm) 21,28 sekuntda çapyp birinji orny eýeledi. Ozalky iň gowy netije 24,26 sekuntdy.

«Women’s Standing Chop» (pürs dik) ugry boýunça bolsa diametri 22,8 sm bolan sosna agajyny 19,38 sekuntda çapmagy başardy. Ozalky rekord 21,17 sekunta deňdi.

Amerikan türgeni Meredit Ingbretson bolsa ýüzýän sekiz sany pürsden 13,78 sekuntda ylgap geçip, pürslerden ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Öňki görkeziji 13,98 sekuntdy.

Şu ýyl Heýwordda geçirilen üç günlük ýaryşlara 66 erkek we 40 zenan türgen gatnaşdy. Olar 16 ştata we dokuz ýurda wekilçilik etdi.

Aýal-gyzlar Wiskonsindäki agaç kesijiler çempionatyna 1960-njy ýylda açylanyndan bäri gatnaşyp bilýän bolsalar-da, ozal türgen gyzlar diňe «Logrolling» ugry boýunça bäsleşip bilýärdi. Onda bäsdeşler ýüzýän pürsüň üstünde durup, birek-biregi suwa gaçyrmaga synanyşýar. Indi bolsa gyzlar 20 sany ugurda gatnaşyp bilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.