Çehiýa «Deňagramlylygyny» ýitirdi: Pragadaky meşhur heýkel 35 ýyldan soň ýykyldy

21.07.2026, 13:526,650
1 / 2

Pragada Barrandow köprüsiniň golaýynda 35 ýyldan gowrak wagt bäri duran «Deňagramlylyk» (Rovnováha) ýadygärlik heýkeli ýumruldy. «Vinegret» neşiri wakanyň netijesinde hiç kimiň şikes almandygyny ýazýar.

Beton gurluşyň bir bölegi 17-nji iýulda irden golaýdan geçýän welosiped ýolunyň üstüne gaçdy.

Ini 15 metr töweregi, beýikligi bolsa alty metr bolan bu heýkel çeh suratkeşi Ýozef Klimeş tarapyndan döredilipdi. Şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda ol «Basybalyjy gurçuk» diýen resmi bolmadyk at bilen hem meşhurdy.

Ýadygärligiň ýagdaýynyň kanagatlanarsyzdygy barada şäher gulluklaryna öňünden mälimdi. Desganyň töweregi germewler bilen gabalypdy, ýakyn günlerde bolsa häkimiýetler heýkeli sökmek we onuň göçürme nusgasyny ýasamak meselesine seretmegi meýilleşdirýärdi.

Häkimligiň deslapky maglumatlaryna görä, beton bölekleriniň ýyllaryň dowamynda kem-kemden könelip zaýalanmagy heýkeliň ýykylmagyna sebäp boldy. Indi hünärmenler sungat eserini dikeltmegiň mümkinçiliklerini anyklamak üçin derňew geçirer.

Bu heýkel 1990-njy ýylda Praganyň iň uly ulag merkezleriniň biriniň ýanynda guruldy. Onýyllyklaryň dowamynda ol şäheriň iň tanalýan ýerleriniň birine öwrülipdi we onuň ýanynda syýahatçylar ýygy-ýygydan surata düşýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.