Mahaçew bilen Ýan UFC 280-däki çykyşlary üçin bonus hökmünde $50 müň aldylar

23.10.2022, 10:2518,791

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijileri Islam Mahaçew bilen Pýotr Ýan Absolýut söweş çempionatynyň 280-nji belgili ýaryşynda çykyş edendikleri üçin 50 müň dollar möçberinde bonus aldylar. Bu barada promouşeniň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Abu-Dabide geçirilen söweşde Mahaçew braziliýaly Çarlz Oliweýrany demikdiriji usul bilen ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň täze çempiony boldy. Mahaçew agşamyň iň gowy çykyşy üçin bonus aldy. Şeýle baýrak watandaşy Şon Bredini nokauta gidiren Belal Muhammada hem berildi. Ýan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen amerikaly Şon O’Melliden ýeňildi. Bu söweş UFC 280-de iň gowy söweş diýlip ykrar edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.