Sterling Dillaşou bilen söweşde has ýeňil agramda UFC-niň çempion guşagyny gorady

23.10.2022, 10:2613,647

Garyşyk stiliň (MMA) amerikaly söweşijisi Aljameýn Sterling watandaşy Ti Jeý Dillaşou bilen söweşde has ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempion titulyny gorady.

UFC 280 turniriniň esasy söweşleriniň biri Abu-Dabide geçirilip, Sterlingiň ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. 33 ýaşly Sterling üçin bu ikinji üstünlikli titul goragy boldy.
Sterling professional derejede 25 söweşe gatnaşyp, 22 ýeňiş gazandy we üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. 36 ýaşly Dillaşouwyň hasabynda 17 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.