Islam Mahaçew UFC-niň titulyna eýe bolandan soň $1 mln gazanar

25.10.2022, 10:5030,614

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turnirinde braziliýaly Çarlz Oliweýra garşy söweşe gatnaşandygy üçin 1 mln dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Totalsportal habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Bu mukdara söweşe gatnaşandygy üçin kepillendirilen gonorar, ýeňiş üçin bonus, ýaýlymdan gelýän girdejilerden paý, hemaýatkärlik pullary girer.
Söweş 22-nji oktýabrda geçirilip, Mahaçewiň ikinji raundda ýeňiş gazanmagy we ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyna eýe bolmagy bilen tamamlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Oliweýranyň Mahaçewe garşy söweşe gatnaşandygy üçin gazanan umumy girdejisi, takmynan, 1,3 mln dollar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.