Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär

26.10.2022, 14:559,980

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna HHR-iň Başlygy Si Szinpinden hat gelip gowuşdy. Onda Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagy üçin hoşallyk bildirilýär.

“Siziň Prezident wezipesinde işlän döwrüňizde hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyňyza hem-de hemmetaraplaýyn ýardam berendigiňize, özara bähbitli hyzmatdaşlygymyza we Siz bilen şahsy dostlugymyza ýokary baha berýärin” diýip, HHR-iň Başlygy hatynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde geljekde-de iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmek üçin ýakyn gatnaşyklary saklamaga taýýardygyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.