UFC-niň çempiony Mahaçew Çendler — Porýe göreşiniň ýeňijisi bilen duşuşmagy mümkin

06.11.2022, 23:5018,370

Absolýut pälwanlaryň çempionatynyň (UFC) cempiony garyşyk başa-baş söweşiň (MMA) rus pälwany Islam Mahaçew  özüniň indiki garşydaşynyň awstraliýaly türgen Aleksandr Wolkanowskiý bolman hem biljekdigini mälim etdi. 

"Maňa Maýkl Çendler bilen Dastin Porýeniň göreşiniň ýeňijisini hem bermekleri mümkin. Ýakyn iki hepdäniň içinde meniň kim bilen tutluşjakdygym anyk bolar" - diýip, Mahaçew TASS-a habar berdi. 

Çendler bilen Porýeniň arasyndaky göreş 13-nji noýabrda UFC-niň turnirinde geçer.
22-nji oktýabrda Mahaçew braziliýaly türgen Çarlz Oliweýr bilen Abu-Dabide (BAE) UFC 280 turnirinde ýeňil agramdaky titul göreşinde duşuşypdy. Rus pälwany ikinji raundda demikdiriji usul ulanyp, garşydaşyndan üstün çykypdy. Bu ýeňiş onuň UFC-niň turnirleriniň çäginde yzygider gazanan on birinji ýeňşi boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.