Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde öz hormat goýýan pälwanlarynyň adyny aýtdy

08.11.2022, 11:5342,034

UFC-niň ýeňil agramdaky öňki çempiony Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde MMA-nyň tutuş taryhynda öz nusgalyk pälwanlarynyň adyny aýtdy.

"Ulalamda meniň iki, belki-de üç sany gowy görýän pälwanym bardy. On bäş ýaşym dolanda, olar eýýäm meşhurlygyň çür başyndady. Olar Fýodor Ýemelýanenko, Maurisiu Rua we Žorž Sen-Pýer. Hawa, üç. Olar şol wagty gaty belentdediler. UFC-niň çempionlary we Pride, men şolaryň göreşlerinde ulaldym. Olar bilen birinji gezek duşuşamda, juda tolgunypdym" - diýip, Habib True Gym MMA-nyň YouTube-kanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi.

Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň oktýabrynda amerikaly türgen Jastin Getjini utandan soň karýerasyny tamamlady. Nurmagomedowyň hasabynda jemi garyşyk başa-baş göreşde 29 tutluşyk bar. Russiýaly pälwan 29 göreşiň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlady. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.