Türkmenistanyň Prezidenti döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibini tassyklady

12.11.2022, 14:4035,356

Türkmenistanda döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 11-nji noýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.