Türkmenistanda 2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilendigi hakynda Karar kabul edildi

14.11.2022, 09:3611,754

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 91 075 686,0 müň manat we çykdajylar boýunça 90 097 999,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.
Degişli resminama 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahatynda kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.