Tokaýew 81,31% ses alyp, Gazagystanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

21.11.2022, 22:247,817

Gazagystanyň häzirki prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew saýlawçylaryň 81,31% sesini alyp, döwlet baştutanynyň 20-nji noýabrda geçen saýlawlarynda ýeňiş gazanýar diýip, duşenbe güni ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow saýlawlaryň deslapky jemi jemlenende habar berdi.

"Tokaýew Kasym-Žomart Kemelowiç sesleriň 6 456 392  sanysyny ýa-da 81,31%-ni toplady." - diýip, Abdirow Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde aýtdy.

Gazagystanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna, Merkezi saýlaw toparynyň takyklanan maglumatlary boýunça,saýlawçylaryň 69,44%-i geldi diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy habar berdi. Şunlukda, saýlaw hukugy bolan raýatlaryň 11 mln 953 müň sanysyndan 8 300 046-sy ses berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.