Halk Maslahaty 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny gaýtadan seretmek üçin Mejlise gaýtardy

23.11.2022, 20:3323,791

Milli  Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek  üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy teklip etdi. Şondan soňra ony Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermeli. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde göz    öňünde tutulmaly ugurlar, şeýle hem onuň girdeji hem çykdajy taraplary barada giňişleýin bellikleri edip, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.