23-nji dekabrda Merkezi Aziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlar

28.11.2022, 16:188,979

24-nji noýabrda Tokioda Liberal-demokratik partiýasynyň agzalaryndan ybarat Ýapon-Merkezi Aziýa parlament dostluk ligasynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň dolandyryjy partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän parlament topary Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdy: Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan bilen gatnaşyklary berkitmek üçin döredildi – diýip, «Asahi» neşiri ýazýar.

"Strategiki diplomatiýany ösdürmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri we premýer-ministrleri bilen yzygiderli duşuşyklary geçirmek isleýäris" – diýip, Taro Aso Ýapon-Merkezi Aziýa parlament dostluk ligasynyň ilkinji mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

23-nji dekabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň daşary işler ministrleri Ýaponiýa baryp, premýer-ministr Fumio Kisida bilen duşuşarlar – diýip, Asahi habar berýär. Ara alyp maslahatlaşyljak meseleleriň biri Merkezi Aziýa we Ýaponiýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna taýýarlyk işleri bolup biler diýlip çaklanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.