Saud Arabystany Er-Riýadda dünýäde iň uly howa menzilleriniň birini gurar

30.11.2022, 17:4814,257

Saud Arabystany dünýäniň iň uly howa menzillerinden birini gurmagy maksat edinýär, bu howa menzili ýylda 185 million ýolagça hyzmat edip biler.

Howa menzili patyşalygyň paýtagty Er-Riýadda, takmynan, 57 inedördül kilometr meýdanda ýerleşer we Saud Arabystanynyň Public Investment Fund (PIF) özygtyýarly gaznasyna degişli bolar diýip, Bloomberg agentligi PIF-iň beýanyna salgylanýar. Muny tourism.interfax.ru ýetirýär.
Täze howa menzili alty uçuş-gonuş zolagy bilen üpjün ediler, netijede ol 2030-njy ýyla çenli 120 million adama we 2050-nji ýyla çenli 185 million adama hyzmat edip biler. Onuň elektrik energiýasyna zerurlyklarynyň ählisiniň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna üpjün edilmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.