Türkmenistan 2022-nji ýylda Gazagystan bilen haryt dolanyşygyny 130% artdyrdy

01.12.2022, 16:267,127

Türkmenistan bilen Gazagystanyň özara haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 128,1% artyp, 328,2 mln dollara barabar boldy.

Finpom.kz portalynyň habar bermegine görä, goňşy döwlete Türkmenistanyň eksporty 127,1% ýokarlandy we 82,3 mln dollara deň boldy.
Mundan başga-da, Gazagystanda türkmen kapitalynyň gatnaşmagynda kompaniýalaryň sany artdy — bir ýylda olaryň sany 29,8% artdy (57-den 74-e çenli fiziki şahs).
Umuman, 2022-nji ýylyň dokuz aýynda Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen haryt dolanyşygyny 5,6 mlrd dollara çenli artdyrdy — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,9% köpdür.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.