Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimini belledi

03.12.2022, 08:2821,531

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli. Degişli Permana döwlet Baştutany 2-nji dekabrda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Öň, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri hem-de Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.