Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

06.12.2022, 08:524,101

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 6-njy dekabrynda bellenilýän döwlet baýramçylygydyr. Bu gün ýurduň milli güni hem-de baýdagyň güni hasaplanylýar. Ilkinji gezek ol 1917-nji ýylyň 6-njy dekabrynda bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.