BMG Türkmenistanyň teklibi bilen 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip yglan etdi

09.12.2022, 07:276,681

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi boýunça 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» halkara ýyly diýip yglan etdi hem-de degişli Kararnamany kabul etdi. Bu barada BMG-niň resmi saýtynda habar berilýär. Muny ORIENT ýetirýär.

Rezolýusiýa BMG-niň dawalary parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmek hem-de geljekki nesilleri düşünişmezlikleriň ýaramaz netijelerinden halas etmek boýunça düzgünnamasynyň esasy ýörelgelerini şöhlelendirýän hemmetaraplaýyn maslahatlaryň netijesi hasaplanýar diýip,  Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde resminama bilen tanyşdyran  Türkmenistanyň wekili nygtady.
BMG 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» halkara ýyly diýip yglan etmegi teklip etmek bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklary gowulandyrmak üçin wajyp hasaplanýan ynanyşmak temasyna garady. Şeýle-de Rezolýusiýa düşünişmezlikleriň deeslakasiýasy we olaryň gepleşikler çygryna geçmegi  üçin amatly şertleri döretmek boýunça halkara tagallalary goldamaklyga gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.