Rejep Taýyp Ärdogan Awaza geldi

14.12.2022, 04:0438,994

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin 13-nji dekabrda Türkmenistana geldi.

Ärdogan giç agşam Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türk Liderini Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral we beýleki resmi adamlar garşy aldy.
Rejep Taýyp Ärdoganyň ýany bilen onuň aýaly hanym Emine Ärdogan, söwda ministri Mehmet Muş we Türkiýäniň beýleki işewürleri geldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.