Aşgabatda Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumy açyldy

21.12.2022, 08:5221,942

Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň resmi taýdan açylyş dabarasy boldy.

Dabara türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler minsitri Raşid Meredow hem-de beýleki ýokary wezipeli adamlar gatnaşdy.
I
ki ýurduň Daşary işler ministrleri Ilçihananyň esasy girelgesindäki toý bagyny kesdiler we bu çäräniň hormatyna gurlan ýadygärlik nyşanyny açdylar. Soňra ministrler binanyň jaýlary we bölümleri bilen tanyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.