Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçiriler

22.12.2022, 12:1128,276

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany çarşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme Hökümet mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem wise-premýer M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň meýilnamasyny düzmegi, köçeleriň, meýdançalaryň we binalaryň sanawyny, olary bezemegiň şekillerini taýýarlamagy hem-de täze merkeziň Baş meýdançasynda baýramçylyk konsertini guramagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.