«Tur de Frans» taryhda ilkinji gezek Italiýada badalga alar

23.12.2022, 12:155,027

2024-nji ýylda taryhda ilkinji gezek köp günlük «Tur de Frans» welosiped ýaryşyna Italiýada badalga berler diýip, ýaryşyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle karar italiýaly welosipedçiniň «Tur de Frans-däki» ilkinji ýeňşiniň 100 ýyllygy bilen bagly kabul edildi. 1924-nji ýyldaky welosiped ýaryşynda Ottawio Bottekkýa utupdy. Köp günlük welosiped ýaryşyna 29-njy iýunda badalga bermek meýilleşdirildi, weloýaryş Florensiýa-Rimini tapgyry bilen açylar.
1905-nji ýyldan bäri ilkinji gezek «Tur de Frans-yň» pellehanasynyň Parižde geçmejekdigi öňünden mälim boldy, 2024-nji ýylda weloýaryş Nissede tamamlanar. Pellehana tapgyrynyň başga ýere geçirilmegi 2024-nji ýylda Parižde Tomusky Olimpia oýunlarynyň bolýandygy sebäpli logistiki çözgütler bilen şertlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.