«Roma» futbol kluby Rim şäheriniň Pietralata etrabynda täze stadion gurmaga rugsat aldy. 60,6 müň tomaşaça niýetlenen täze stadionyň gurluşygyny 2029-njy ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada klubuň mahabat gullygy habar berýär.
Rimiň häkimi Roberto Gualteri gurluşyk üçin rugsadyň alynmagy bilen, taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny mälim etdi.
«Şu günden başlap, "Roma" klubuna we şähere olaryň taryhyna hem-de maksatlaryna laýyk gelýän döwrebap we mynasyp stadion berjek täze tapgyr başlanýar. Bu taslama diňe bir klub we onuň janköýerleri üçin täze öý hökmünde däl-de, eýsem Rim şäheriniň gymmatlygy hökmünde hem göz öňünde tutuldy. Ol täze mümkinçilikleri döretmäge, sebiti abadanlaşdyrmaga we ösdürmäge, paýtagta hem-de onuň jemgyýetine uzak möhletleýin peýda getirmäge ukyply bolar».
1953-nji ýyldan bäri «Roma» öý oýunlaryny «Olimpiko» stadionynda geçirip gelýär. Rim şäheriniň beýleki bir kluby — «Lazio» hem öý duşuşyklaryny şol stadionda geçirýär.
70,6 müň tomaşaça niýetlenen «Olimpiko» stadiony Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetine degişlidir.