Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada şertnamasynyň möhleti uzaldar

24.12.2022, 07:5913,314

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaldar we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Kararlara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Energetika ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Ministrler Kabinetine bermeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.