Raşid Meredow Tokioda Ýaponiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

25.12.2022, 22:235,666

24-nji dekabrda Tokioda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýoşimaso Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy ýaponiýaly kärdeşine «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň nobatdaky duşuşygyny guramak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu duşuşygyň wagtynda geçirilýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Dialogyň çäklerinde özara gatnaşyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.